Dünýäň syry kitap bilen açylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet durmuşynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda bilim-terbiýe meselesine, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek, kämilleşdirmek, ýaşlaryň ahlak sypatlaryny ösdürmek, olary watansöýüji ruhda terbiýelemek ýaly wajyp meseleleri üns merkezinde saklaýar. Ýaş nesli, çeper eserleriň üsti bilen terbiýelemek kitaphana işgärleriniň öz öňlerinde goýýan asylly maksatlarynyň biri bolup durýar. Çeper eserleriň we ertekilerň üsti bilen çagalara Watançylyk terbiýesini, zähmet terbiýesini, ruhy-ahlak terbiýesini bermegiň, olarda ata Watana, ene Topraga bolan söýgüni döretmegiň, ene-ata bolan sylag-hormaty kemala getirmegiň, kitaba sarpa goýmagy öwretmegiň özi kitaphanaçylaryň mukaddes borjudyr.
Bagtyýar çagalarymyzyň geljegi ugrunda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!