«Günler toýly bagtyýarlyk, ýaşyl öwser giden barlyk»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeginde, şeýle hem Arkadag şähermizde ählihalk bag ekmek dabarasy uly ruhybelentlik bilen geçirildi. Bu dabaraly çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadag şäheriniň uludan kiçä ähli ilaty, edara kärhanalaryň işgärleri, şol bir sanda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde ilkinji bag nahalyny ekip, Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan ruhlanyp, uly joşgun bilen ruhybelentlikde köpçülikleýin bag nahallaryny ekdiler.
Arkadag şäheri bagtyň şäheri!
Bagtyň ýalkymy bar, bag bossanynda,
Göwün ganatlanýar ýürekler joşýar,
Ähli halk bag ekmek dabarasynda!
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak we ekologik durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen ýazky we güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy «ýaşyl oazise» öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we arassa gurşawy üpjün etmek, şeýle-de dürli miweli, saýaly we pürli baglar, şeýle hem ýerli howa şertlerine durnukly türkmen arçasynyň nahallary ekildi. Halkymyzda bag ekmek sogap we haýyrly iş hökmünde kabul edilýär. Bu çäreler jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmaga we ýaş nesilde tebigata aýawly garamak endigini kemala getirmäge hyzmat edýär.
Döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza abadan ýurdumyzda erkana ýaşamaga, döredijilikli zähmet çekmäge, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys!