“Hasyl baýramy bereket bolçulygyň baýramy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Hasyl baýramy bereket bolçulygyň baýramy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sahawatly türkmen topragy rysgal berekediň hem-de rehnediň çeşmesine öwrüldi. Bu mährem topraga yhlas etseň, oňa maňlaý deriňi döküp zähmet çekseň, ol ynsana eşret, sapaly durmuş bagyşlaýar. Mukaddeslik saýylýan ene ýeriň keşbinde ýaşaýyş mukamy owazlanyp geljege ýaň salýar. Nurana zamanada ata Watanymyzyň oba hojalygyny gülledip ösdürmekde, topraga bereket nuruny beslemekde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryna daýanyp nusgalyk iş görkezýän ussat ýer eýeleriniň ýürekleri joşgundan hemişe bol hasyla hyjuwdan doly. Bu günki zähmetsöýer iş başarjaň halkymyzyň ykbaly göterilip, toprak sahawat nuruny çarýana ýaýýar. Bu mukaddes mekandan önýän ak bugdaýdyr, ak altyn, bol gök hem-de miwe hasyly, bakja önümleri täsin görkli giden märekeleri hem-de ak bazarlarymyzy bezeýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew batly ösüşlere eýe bolan Türkmenistan Watanymyzyň her güni ýatdan çykmajak şöhratly wakalara beslenýär, milli we ruhy gymmatlyklarymyz dünýäde şöhratlanýar. Halkymyzyň keramatly däp dessurlary bilen birlikde ekerançylyk sungatynyň baý tejribesi hem gaýtadan dikeldildi. Ýurdumyzyň oba hojalygyny iň bir girdejili pudaga öwürmekde nusgalyk işler alnyp barylýar. Edermen gallaçy we pagtaçy kärendeçilerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan berilýän kömek goldawlaryň netijesinde sahawatly türkmen topragynda bol hasyl öndürmekde ähli gujur gaýratlaryny aýaman päk halal zähmet çekip saldamly üstünliklere eýe bolýarlar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň keramatly däp dessurlary bilen birlikde ekerançylyk sungatynyň baý tejribesini dikeltmek üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy.