“Gurluşyk we senagat toplumy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Gurluşyk we senagat toplumy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Bu söhbetdeşlik Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilýär. Gurluşyk we senagat pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň alyp barýan işleriniň ähmiýetini açyp görkezmekden, olaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşýan goşandyny bellemekden ybaratdyr. Gurluşyk we senagat pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, döwrebap önümçilik kärhanalarynyň döredilmegi, täze binalaryň we desgalaryň gurulmagy, şeýle hem bu ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleriň yhlasly zähmeti barada gürrüň edilýär. Zähmet adamlaryna hormat-sarpa goýmagy, ýaş nesillerde hünäre bolan söýgüni, zähmetsöýerligi we watançylyk duýgusyny terbiýelemegi maksat edinýär. Şeýle hem gurluşyk we senagat işgärleriniň jemgyýetimiziň ösüşindäki mynasyp orny dabaralandyrýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ajaýyp we asuda ýurdumyzda işlemäge, döretmäge ýaşamaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy.