“Türkmenistan ösüşleriň Diýary – ganatly bedewleriň mekany”

 Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet ministrligi hem-de Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalaryň arasynda “Türkmenistan ösüşleriň Diýary – ganatly bedewleriň mekany” atly kitaphanaçylaryň arasynda hünär bäsleşigi geçirildi. 

  Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda kitaphana işini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Munuň şeýledigine geçirilen kitaphana işgärleriniň arasynda hünär bäsleşiginden hem göz ýetirmek bolýar. Bäsleşigiň şertlerine görä, kitaphanaçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň birine kitaphana synyny bermekde, kitaphananyň düzgünlerine laýyklykda sowal-jogap alyşmakda hem-de kitaphana gaznasyna täze kabul edilen neşirleri degişli usullar bilen işlemek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä, bäsleşikde baş baýraga Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Daňatarowa, birinji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljemal Seýidowa, ikinji orna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Aýjeren Saparmyradowa, üçünji orna Mary welaýatynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljeren Gaýypowa hünärmenleri mynasyp boldular. Ýeňijilere Medeniýet ministrligi hem-de Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan diplomlar, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 

  Bäsleşigiň ahyrynda kitaphana hünärini ösdürmäge, ruhy baýlygymyz bolan ajaýyp eserleri giň okyjylara wagyz etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655